Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze edara ediş merkezinde boldy

  • 30.05.2022 08:32
  • 32k+

28-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamanyň amala aşyrylyşynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan ilkinji iş maslahatyny geçirdi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew merkeziň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler, desgalaryň bellenen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler hakynda maglumat berdiler.

Gahryman Arkadagymyz täze merkezde gurulmagy göz öňünde tutulýan ýerasty geçelgeleriň baş meýilnamasy hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Täze merkezde ady rowaýata öwrülen Akhan atly ahalteke bedewiniň heýkelini oturtmak çözgüdi kabul edildi. Şunda ajaýyp bedewiň heýkeliniň oturdyljak şaýoluna döwrebap at dakmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen şöhratly bedewiň heýkeliniň oturdyljak köçesiniň Akhan diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we bu baradaky teklibi öňe sürdi. Merkeziň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy we edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Gahryman Arkadagymyzyň teklibini oňladylar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň Baýdak meýdançasynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, birnäçe maslahatlaryny berdi. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde geçiren iş maslahatyny jemläp, onda garalan meseleleriň üstünlikli çözülmeginiň wajypdygyny belledi we iş maslahatyny yzygiderli, ýagny her hepdede geçirmek boýunça degişli ýolbaşçylar bilen pikir alyşdy.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......