Kann kinofestiwalynyň netijeleri yglan edildi

  • 30.05.2022 07:31
  • 5.9k+

Belgiýanyň "Ýakyn" (Close) filmi we Amerikanyň "Ýyldyzlar günorta çagy" (The Stars at Noon) filmleri 75-nji Kann kinofestiwalynda Gran-pri baýragyny paýlaşdylar. Filmleriň režissýorlary Lukas Dont bilen Kler Deni sylaglara mynasyp boldular.

Belgiýaly režissýorlar doganlar Dardennleriň "Tori we Lokita" (Tori et Lokita) filmi kinofestiwalyň abraýly baýragyny gazandy.
Baýrak kino dünýäsindäki meşhur festiwalyň 75-ýyllygyna bagyşlanyp ýörite goýuldy. Bäsleşik ilkinji gezek 1946-njy ýylda Lazur kenarynda geçirilipdi.
"Sekiz dag" (Le otto montagne) atly italýan filmi we "Ia" (EO) atly polýak filmi 75-nji Kann kinofestiwalynda emin agzalarynyň ýörite baýragyny paýlaşdylar. Filmiň režissýorlary Şarlotta Wandermerş bilen Ýeži Skolimowskiý baýraga mynasyp boldular.  
"Gussanyň üçburçlygy" filmi Kann festiwalynyň "Altyn palma şahasyny" aldy.

Iň gowy ssenariý
Iň gowy ssenariý üçin baýrak şwesiýaly Tarik Salehe berildi. Saleh öz döreden "Gökden inen ýigit" (Boy from Heaven) filmine ssenariý ýazdy. 

Iň gowy erkek keşbi
Iň gowy erkek keşbi üçin baýraga günorta koreýaly aktýor Son Kan-ho mynasyp boldy. Son Kan-ho režissýor Hirokadzu Koreedanyň "Araçy" (Broker) atly günorta koreýa filminde baş keşbi ýerine ýetirdi.

Iň gowy zenan keşbi
Eýranly aktrisa Zahra Amir Ebrahimi 75-nji Kann festiwalynda iň gowy zenan keşbi üçin baýraga mynasyp boldy.
Ebrahimi eýranly režissýor Ali Abbasiniň "Mukaddes möý" filminde baş keşbi ýerine ýetirdi.


07.02.2026 14:18
5.4k+

Luwr imperator zenan Ýewgeniýanyň täjiniň ogurlykdan soňky ýagdaýyny görkezdi

Luwr muzeyi imperator zenan Ýewgeniýanyň täjine ogrulyk wagtynda zeper ýeten bolsa-da, onuň asyl durkunyň bitindigini, şoňa görä-de täji doly dikeldip boljakdygyny habar berdi. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda jenaýatçy topar muzeýden umumy gymmaty takmynan 88 million ýewro (104 million dollara) barabar bolan gymmatbaha daşlary, şol sanda fransuz monarhlarynyň şaý-seplerini ogurlapdy...

29.01.2026 02:06
1.8k+

Fransiýada döwlet gullukçylaryna Google Meet we Zoom ulanmagy gadagan ederler

Fransiýanyň hökümeti döwlet gullukçylaryna Google Meet, Zoom we Microsoft Teams ýaly Amerikanyň wideoaragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Politico habar berdi. Neşiriň berýän maglumatyna görä, premýer-ministriň diwany ýakyn günlerde resmi wezipeli şahslara wideoaragatnaşyklary diňe Fransiýanyň öz Visio platformasy arkaly geçirmek baradaky talapnamany ýollar...

28.01.2026 09:48
2.1k+

Fransiýanyň parlamentiniň aşaky palatasy çagalar üçin sosial torlaryny gadagan etmegi goldady

Fransiýanyň Milli assambleýasy 15 ýaşdan kiçi çagalara we ýetginjeklere sosial ulgamlaryny ulanmagy gadagan edýän kanun taslamasyny goldady. "Le Figaro" neşiriniň habar bermegine görä, resminama üçin 130 deputat: "Goldaýarys", 21 parlamentariý bolsa, "Garşy" diýip, ses berdi...

23.01.2026 20:40
4.7k+

Türkmen brendleri Pariždäki abraýly sergilerde öz kolleksiýalaryny görkezdiler

Türkmenistanyň zenan telekeçileriniň topary Pariž şäherinde geçirilen «Maison & Objet» we «Who's Next» halkara sergilerinde öz brendleriniň önümlerini tanyşdyrdylar. Bu sapar Halkara söwda merkezi tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen, Türkmenistanyň söwda durnuklylygyny ýokarlandyrmak taslamasynyň çäklerinde guraldy diýip, Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär...