Serdar Berdimuhamedow haly baýramy mynasybetli Gutlag iberdi

  • 28.05.2022 12:02
  • 7.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy, bu baýram mynasybetli geçirilýän «Arşyň nepisligi — türkmen halysy» atly türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli Gutlag iberdi.

Gutlagda, hususan-da: "Nepisligi, inçeligi, dürli öwüşginli owadanlygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gözellik dowamatydyr. Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýylysy, törlerimiziň bezegi, göwnümiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir" diýlip bellenilýär.

Nygtalyşy ýaly, Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşlerine bagyşlanan serginiň geçirilmeginiň öz aýratyn many-mazmuny bar. Çünki her biri sungat eserine deňelýän nepis halylarymyzy dünýä ýüzüne tanatmakda, halkara meşhurlygyny artdyrmakda gadymy Ýüpek ýolunyň, gündogardan günbatara kerwen ýüklerini gatnadan gadymy täjirleriň bitiren hyzmatlary uludyr.

Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösýän esasy pudaklarynyň birine öwrülen dokma senagatynyň kärhanalary hem şu günki sergide öz gazanan zähmet üstünliklerini, öňdebaryjy tejribelerini giňden suratlandyrarlar. Dünýä bazarlarynda we içerki bazarymyzda alyjylaryň uly isleglerine mynasyp bolan dokma önümlerini, şeýle hem şu ýylyň tomus-güýz möwsüminde alyjylara hödürlenjek täze önümlerini mahabatlandyrarlar.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......