Serdar Berdimuhamedow ilkinji gezek toý sapary bilen Daşoguza bardy

  • 27.05.2022 13:45
  • 22k+

26-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna toý sapary başlandy. Welaýatyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi garşylady. Bu ýerde welaýatyň aýdym-saz we tans toparlary joşgunly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezident ýurdumyzyň demirgazyk sebitine amala aşyrýan toý saparynyň ilkinji gününde welaýatda gurluşygy alnyp barylýan Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna baryp, ol ýerde halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasy we geljek ýyllarda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan elektroenergetika pudagyna degişli taslamalar bilen tanyşdy. Döwlet Baştutany ýol ugruna dikuçarda sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamyny synlady.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Görogly etrabynda düýedarçylyk bilen meşgullanýan çopan goşuna baryp, bu ýerde düýelere ideg edilişi barada gyzyklandy we çaý başynda düýe çopany bilen söhbetdeş boldy.
Döwlet Baştutanynyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitine amala aşyrýan ilkinji toý sapary dowam edýär.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......