Gurbanguly Berdimuhamedow “Interbudmontažyň” ýolbaşçysy bilen täze taslamalary maslahatlaşdy

  • 26.05.2022 13:08
  • 15k+

25-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy, ol paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny gurşap alýan we düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary, täzeçil çözgütleri işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýa bilen şertlendirilendir. 

Işewür senagat we raýat ugurly gurluşyklaryň dürli pudaklarynda ýöriteleşen “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanýandygy hem-de ähli tejribesini, mümkinçiligini hödürlemäge taýýardygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy. 


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......