Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar

  • 25.05.2022 18:28
  • 10k+

Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti şu ýylyň ilkinji dört aýynda ýurduň daşary söwda dolanyşygynyň 17,16 milliard dollardan geçendigi baradaky maglumaty çap etdi. Bu görkezijide Türkmenistan hem ilkinji onluga girýär. Bu barada centralasia.news habar berdi. 

Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji, 2021-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlary bilen deňeşdirilende, 61,2 göterim ýokarlandy. Iň gowy hyzmatdaşlaryň sanawynda 254,5 million dollar görkezijisi bolan Türkmenistan (8-nji orun) hem bar. 

Statistiki maglumatlara görä, şu ýylyň ilkinji dört aýynda Özbegistan 203,3 million dollarlyk türkmen önümlerini satyn aldy, Türkmenistana edilen eksport bolsa 49,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Ýeri gelende, Özbegistan bilen Türkmenistanyň degişli edaralarynyň arasynda harytlaryň hereketi baradaky maglumatlary alyşmak bilen baglanyşykly şertnamanyň taslamasyny taýýarlaýandyklaryny hem bellemek gerek. 1-nji iýundan başlap Türkmenistan daşary ýurtlular üçin Özbegistan bilen Eýrany birleşdirýän üstaşyr geçelgäni hem açmagy meýilleşdirýär.


şu gün 12:20
354

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......