Aşgabadyň gününe XXI halkara sergi açyldy

  • 25.05.2022 08:53
  • 5.7k+

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Aşgabadyň gününe bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara serginiň öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag iberdi. 

Döwlet Baştutanynyň Gutlagy: "Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridir. Şu mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergi türkmen paýtagtynyň şähergurluşyk babatda gazananlaryny we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň görkezer diýip pikir edýärin" diýen sözler bilen başlanýar. 

Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şertleri bolan şäherleriniň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň etraplary döwrebaplaşdyryldy, täze iri ýaşaýyş toplumlary, durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy... Aşgabat eziz Watanymyzyň dolandyryş, senagat, medeniýet, bilim, ylym, lukmançylyk merkezi bolmak bilen, bu ýerde ylym, akyl we zähmet mümkinçilikleri jemlenendir. Ulag we aragatnaşyk ulgamy, hyzmatlar, söwda, myhmanhana we medeni-dynç alyş ulgamlary ösendir. Şonuň ýaly-da, ilatyň saglygyny goramaga, medeniýeti, sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge uly üns berilýär.

"Paýtagtymyzy mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösdürmek we hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak babatda öňde uly wezipeler durýar. Men Aşgabadyň abadançylygyň hem ösüşiň nusgalyk merkezi hökmündäki abraýyny has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn" diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


şu gün 10:07
54

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

düýn 20:16
1.6k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

düýn 16:07
4.4k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

düýn 14:40
1.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....