Türkmenistan eýran ýük ulaglaryna öz çäginden Özbegistana geçmäge rugsat berdi

  • 21.05.2022 07:09
  • 36k+

1-nji iýundan başlap, Eýranyň ýük ulaglary Sarahs-Farap-Sarahs ugry boýunça Türkmenistanyň guryýer çäginiň üsti bilen Özbegistanyň serhedine baryp we yzyna gaýdyp bilerler. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda ýerleşdirilen bildirişde aýdylýar.

Öň, Eýran döwletinden gelýän ýük ulaglary Türkmenistanyň çägine "Artyk", "Sarahs awtoýollary" Inçe-Burun nokadynyň üsti bilen gelip bilýärdiler. Ol ýerde ýükler türkmen awtoulaglaryna ýüklenilip, ondan aňry barmaly nokadyna iberilýärdi. Geljek aýdan başlap, Eýranyň ýük ulaglary we olaryň sürüjileri birnäçe zerur talaplary berjaý etmek bilen Türkmenistanyň çägi boýunça hereket edip biler.

Türkmenistanyň çäginden geçmäge rugsatnama «Türkmenistanyň ulag geçelgelerini netijeli peýdalanmak we halkara ýük daşamalarynyň möçberlerini artdyrmak» maksady bilen berildi.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....