Serdar Berdimuhamedow «Türkmen teatr sungaty» festiwalyna gatnaşyjylary gutlady

  • 21.05.2022 10:51
  • 15k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwalynyň öz işine başlamagy mynasybetli Gutlag iberdi. Onda ajaýyp bahar paslynda geçirilýän bu sungat baýramynyň milli teatr sungatymyzyň, köp müňýyllyk taryhly medeniýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goldaw berjekdigine pugta ynam bildirilýär.

"Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen teatr sungaty döwletleri we halklary medeni-ynsanperwer ugurda özara baglanyşdyrmaga, köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde teatrlaryň altysy, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat teatrlary hereket edýär. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde drama teatrynyň gurluşygy alnyp barylýar. Teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda Karar kabul etdik. Bu işleriň ählisi teatr artistlerini, medeniýet we sungat ussatlaryny zähmet üstünliklerine, il-ýurt bähbitli beýik işlere, täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar" diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda nygtaýar. 

Bellenilişi ýaly, türkmen teatr sungatynyň görnükli wekilleri bolan Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Alty Garlyýew, Muhammet Çerkezow, Sabyr Ataýewa, Sona we Suraý Myradowalar, Artyk Jallyýew, Ata Döwletow, Hommat Müllük ýaly zehinli teatr artistleriniň at-abraýy bütin dünýäde bellidir. Olar uçursyz tebigy zehini we zähmetsöýerligi bilen teatr sungatynda öçmejek yz galdyrdylar hem-de ussatlarça janlandyran keşpleri arkaly döredijilik dünýäsinde meşhurlyk gazandylar. Biziň wezipämiz sahna ussatlarynyň ýoluny mynasyp dowam etdirjek ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr.

"Teatr sungaty halkymyzyň köpasyrlyk medeniýetiniň köklerini özünde jemlemek bilen, jemgyýetimizde eziz Watanymyza, mähriban halkymyza beýik buýsanjy we ynsanperwerlik duýgusyny terbiýeleýär, ýaş nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň belent düşünjeleriniň kemala gelmegine ýardam edýär" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow festiwala gatnaşyjylara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


düýn 14:40
1.5k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

düýn 11:47
6.1k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 18:04
2.3k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.3k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......