Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

  • 21.05.2022 07:00
  • 5.9k+

20-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi. Söhbetdeşler özara gyzyklanmany nazara almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, senagat we oba hojalyk ulgamlary  esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlardaky özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, türkmen gazyny goňşy ýurda ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Gazak tarapy Türkmenistanyň çäginde galla saklamak üçin niýetlenen terminaly gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi.

Umumy pikire görä, ýokary we hökümetara derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak toparynyň yzygiderli geçirilýän mejlisleri, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler, guralýan giň gerimli medeni çärelere işjeň gatnaşylmagy ähli ugurlar boýunça türkmen-gazak gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýär. 


düýn 22:17
840

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......