BSGG 2020-2021-nji ýyllarda eden işleriniň netijeleri barada hasabat berdi

  • 19.05.2022 00:06
  • 7k+

COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 2020-2021-nji ýyllarda işi baradaky hasabatda global saglygy goraýşyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylandygy bellenilýär diýip, BMG-niň saýtynda habar berilýär.

Hasabatda COVAX halkara hyzmatdaşlygy arkaly COVID-19-a garşy 1,4 milliarddan gowrak sanjym dozasynyň berlendigi, gyzzyrma keseline garşy dünýäde ilkinji sanjymy giňden ulanmak barada maslahatlar, şeýle-de BSGG-niň saglygy goraýyş pudagynda 87 adatdan daşary ýagdaýa jogap gaýtarmak boýunça başlangyçlary bellenilýär.

2020-2021-nji ýyllarda BSGG 1600 tehniki we amaly hyzmatdaş bilen işleşip, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça global tagallalara ýolbaşçylyk etdi hem-de taryhda iň uly, iň çalt we çylşyrymly sanjym kampaniýasyny işjeňleşdirmäge kömek etdi. Gurama COVID-19 bilen göreşmek üçin ilkinji nobatda zerur predmetler bilen üpjünçilige 1,7 mlrd ABŞ dollary sarp etdi. BSGG tas 500 mln dollarlyk şahsy gorag serişdeleri, 187 mln dollarlyk kislorod, 4,8 mln dollarlyk dermanlar we 100 mln dollarlyk diagnostika barlaglary bilen bir hatarda zerur lukmançylyk materiallaryny global derejede üpjün etdi. 

Hasabatda BSGG-niň pandemiýa bilen baglanyşykly bolmadyk işleriniň netijeleri hem görkezilýär. Mysal üçin, 58 ýurtda trans-ýag kislotalaryny ulanmagy gadagan edýän kanunlar girizildi. BSGG-niň Temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasy tarapyndan göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde 150 ýurtda temmäkiniň sarp edilişi azalýar. 15 ýurt AIW-iň we/ýa-da merezýeliň eneden çaga geçmegini ýok edip bildi.

BSGG tarapyndan utgaşdyrylan synag programmasy arkaly Ganada, Keniýada we Malawide bir milliondan gowrak çaga BSGG tarapyndan gyzzyrma garşy maslahat berlen RTS,S sanjymynyň bir ýa-da birnäçe dozasyny aldy. Gyzzyrma garşy göreşmek boýunça beýleki çäreler bilen bilelikde sanjymyň ýylda 40 000-den 80 000-e çenli adam janyny halas etmegine garaşylýar.

Hasabatda çykdajylar barada hem jikme-jik maglumat berilýär. BSGG-niň 2020-2021-nji ýyllar üçin programma býujeti 5,84 mlrd ABŞ dollary boldy, hakyky maliýeleşdirme 7,91 mlrd dollara ýetdi. 


düýn 14:46
3.3k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.7k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....