Yslamabatda türkmen-pakistan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna çäre geçirildi

  • 11.05.2022 09:00
  • 3k+

9-njy maýda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy ýurduň Parahatçylyk we diplomatik ylymlary instituty bilen bilelikde Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmen-pakistan gatnaşyklaryna 30 ýyl – ösüş ýoly” atly okuw maslahatyny guradylar. Çärä Pakistanyň DIM-niň wekilleri, görnükli syýasatşynaslar, Pakistanyň seljeriş merkezleriniň, işewür toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Yslamabatdaky daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Öz çykyşlarynda okuw maslahatyna gatnaşyjylar 30 ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda döwlet Baştutanlarynyň, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary derejesinde yzygiderli syýasy gatnaşyklaryň ýola goýlandygy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini bellediler. Iki ýurduň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde işjeň özara gatnaşyklary alyp barýandyklary nygtaldy.

Şeýle hem okuw maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisiniň Pakistanyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda TOPH we TOP taslamalarynyň mundan beýläk-de ilerledilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygy nygtaldy.


11.05.2026 22:55
933

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......