Aşgabatda adam hukuklary boýunça toparyň mejlisi geçirildi

  • 11.05.2022 08:55
  • 11k+

10-njy maýda  Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy hem-de BMG-niň ýurt boýunça topary babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, meýilnamalary durmuşa geçirmek hem-de BMG-niň düzümleriniň işine, adam hukuklaryny goramak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça tagallalara işjeň gatnaşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklarynyň goraglylygyna gönükdirilen, Konstitusiýada berkidilen demokratik ýörelgeler häzirki zaman tapgyrynda türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy alamatlarynyň biri bolup durýar. Şeýlelikde, adam hukuklarynyň berjaý edilmegi raýat jemgyýetiniň berkidilmegini, şahsyýetiň, döwletiň hem-de jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.

Bilelikdäki maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm bölekleri bilen köp görnüşli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn meseleler boldy. Mejlise gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, häzirki wagtda adam hukuklary hakynda konwensiýalar boýunça milli hasabatlary BMG-niň Şertnamalaýyn edaralary üçin işläp taýýarlamak we hödürlemek boýunça çäreler işjeňleşdirildi. Halkara guramalaryň maslahatlary halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary milli hukuk ulgamyna ornaşdyrylanda göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň ahyrynda halkara guramalaryň wekilhanalarynyň degişli taslamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamak, amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işlere goldaw berýändikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk beýan edildi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:15
2.1k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......