Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýuldy

  • 10.05.2022 09:28
  • 38k+

9-njy maýda Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy dabaraly bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow uruş we zähmet weteranlaryny, kümüş saçly enelerimizi, bu ýere ýygnananlaryň ählisini mübärekläp, 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş gününiň taryhy ähmiýetini nygtady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşýan diplomatlary mähirli mübärekläp, bu baýramyň jebisleşdiriji ähmiýetini belledi. Öz nobatynda, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, Gahryman Arkadagymyzy hem-de ähli türkmenistanlylary Beýik Ýeňiş baýramy bilen gutlady. Doly ygtyýarly wekiliň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz weteranlaryna hormat goýýar we Watan üçin, diýmek, şu günki ýurt üçin janlaryny gurban edenleri unutmaýar. “Munuň özi diňe janlaryny gurban edip, aramyzdan gidenler üçin däl-de, eýsem, biziň döwürdeşlerimiz we geljekki nesiller üçin hem möhümdir” diýip, ilçi nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gül çemenleri goýulýar.

Soňra uruş weteranlary, diplomatlar hem-de dabaraly çärä gatnaşyjylaryň ählisi — frontçylaryň ogullary, agtyklary, çowluklary, milli gahrymanlarymyzyň edermenliginiň öňünde baş egmäge gelenleriň hemmesi gül desselerini goýdular.


şu gün 00:03
2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.4k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......