Türkiýäniň Milli kitaphanasynyň gaznasy Türkmenistana kitaplary gowşurdy

  • 08.05.2022 18:38
  • 12k+

Türkiýäniň prezidentiniň diwanynyň ýanyndaky Milli kitaphananyň gaznasy 2020-nji ýylda esaslandyrylan gününden bäri Türkmenistana we başga-da dünýäniň 55 ýurduna Türkiýäniň taryhy, medeniýeti we edebiýaty baradaky kitaplary ugratdy. Bu barada "Anadolu" agentligi habar berýär. Kitaphananyň müdiri Aýhan Tuglunyň sözlerine görä, Türkiýäniň bu iri kitaphanasynyň kitaplary 2017-nji ýylda jemlenilip ugrapdyr. 

"Diňe "Jihan-Numa" okyjy zalynyň özünde 200 müňden gowrak kitap saklanýar. Soňky ýyllaryň içinde bize dünýäniň 108 ýurdundan 10 müňden gowrak neşir gelip gowuşdy" diýip, Tuglu gürrüň berýär.

Häzirki güne çenli kitaphananyň özem dünýäniň 56 ýurduna kitaplaryny ugratdy.
Onuň sözlerine görä, häzir kitaphananyň gaznasynda dünýäniň 140 dilinde çykan kitaplar saklanýar eken.

"Biz daşary ýurtly kärdeşlerimizden, esasan, şol ýurtlaryň taryhyna, medeniýetine we edebiýatyna degişli kitaplary ýollamagy haýyş edýäris. Şol bir wagtda özümizem Türkiýäniň taryhyna medeniýetine we edebiýatyna degişli neşirleri olar bilen paýlaşýarys" - diýip, ol sözüniň arasynda belledi.


şu gün 18:04
537

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

şu gün 16:40
2k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

şu gün 15:43
2.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

şu gün 15:12
1.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......