15-nji maýdan Awazada tomusky dynç alyş möwsümi başlaýar

  • 07.05.2022 08:10
  • 18k+

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi 15-nji maýdan başlanar.  Ministrler Kabinetiniň 6-njy maýda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleriniň bu baradaky degişli teklipleri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi.

Hususan-da, döwlet Baştutany ýakyn wagtda okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň, raýatlaryň zähmet rugsady döwrüniň başlanýandygyna ünsi çekip, türkmenistanlylaryň göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek maksady bilen, jogapkär adamlaryň ählisine «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalary we dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, beýleki şypahanalary, ähli welaýatlardaky, Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tertibe salmagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident dynç almak üçin Awaza, şeýle-de beýleki şypahanalara gelmegi Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň tekliplerine laýyklykda ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......