Serdar Berdimuhamedow Perunyň Prezidentini gutlady

  • 07.05.2022 08:16
  • 9.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Peru Respublikasynyň Prezidenti Pedro Kastilo hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Peru Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


şu gün 15:55
2.8k+

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

9-njy martda Lissabondaky Respublika Assambleýasynyň binasynda Portugaliýanyň täze saýlanan Prezidenti Antoniu Žoze Seguronyň wezipä girişmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, çärä Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi (oturýan ýeri Pariž şäherinde) M...

düýn 14:53
2.2k+

Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady

2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attaryň arasynda duşuşyk geçirildi...

düýn 02:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki seýilgähiň gurluşygy boýunça belliklerini aýtdy

7-nji martda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň seýilgähiniň gurulýan ýerine baryp gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde görkezildi...

düýn 01:51
11k+

Milli Lider ýaşaýjylary Arkadag şäherine göçürmek meselesine toplumlaýyn çemeleşmäge çagyrdy

7-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D...