Gurbanguly Berdimuhamedow Awaza gidip, tomusky dynç alşyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy

  • 06.05.2022 02:22
  • 40k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen ýerinde tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň 29-njy aprelde geçirilen mejlisinde tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy deňizýaka sebite saparynyň çäklerinde Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan kottejler toplumynda ýerine ýetirilýän işler, gurluşygyň hil derejesi, ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda bina edilen kottejler toplumyna häzirki döwrüň ruhuna kybap gelýän at dakmak başlangyjyny öňe sürdi we ýurdumyzyň telekeçileriniň bu baradaky teklipleri bilen gyzyklandy. Häzirki wagtda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň rowaç alýandygy, umuman, häzirki döwrüň her bir pursadynyň rowaçlyklara beslenýändigi nazara alnyp, bu topluma “Rowaç” diýip at dakmak baradaky teklip öňe sürüldi we ol makullanyldy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi bilen bilelikde, amatly howa gurşawy bolan kenarýakasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz tomusky dynç alyş möwsüminde bu ýerde ulular üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy. Häkim “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň oňaýly dynç almagy, wagtyny peýdaly geçirmegi üçin niýetlenen merkezlerde iň döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylandygyny, şolarda diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, ulular üçin hem ähli şertleriň döredilýändigi barada gürrüň berdi. 


16.05.2026 17:22
4.3k+

25-nji maýdan Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawy ýola goýlar

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 2026-njy ýylyň 25-nji maýyndan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawynyň başlanjakdygyny mälim etdi. Täze ugur tomus möwsüminde raýatlaryň Hazar......

16.05.2026 11:13
7.7k+

Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr»......

11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.5k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....