Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

  • 04.05.2022 06:40
  • 9.7k+

3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen we soňky ýyllarda has-da ösdürilýän, deňhukuklylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de özara hormat goýmagyň baý tejribesine we ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bar bolan mümkinçilikleri hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanlary türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini belläp, netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhüm gurallarynyň biri hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işine uly ähmiýet berilýändigini nygtadylar.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly orun eýeleýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygy barada aýtmak bilen, bilim, ylym, medeniýet we sungat, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......