Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen «Aşgabat» söwda merkezine baryp gördi

  • 03.05.2022 08:40
  • 69k+

2-nji maýda Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramynyň giňden bellenilýän gününde agtyklary bilen “Aşgabat” söwda we dynç alyş, işewürlik merkezine baryp gördi.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramynyň hormatyna yglan edilen baýramçylyk gününde agtyklary bilen söwda we dynç alyş merkeziniň dükanlaryna aýlanyp, bu ýerde söwda etmek, şeýle-de çagalar bilen wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek, dabaraly çäreleri guramak üçin döredilen ýokary derejeli mümkinçilikler bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň çagalar üçin niýetlenen söwda bölümlerine aýlanyp, agtyklaryna sowgatlary satyn aldy.

Merkeziň ikinji gatynda özboluşly görnüşde gurnalan aýdym-sazly, yşykly içki suw çüwdürimleriniň sazlaşygy toplumyň bezeg aýratynlyklary bilen utgaşýar. Bu ýerde uly dynç alyş we güýmenje bölümi hem ýerleşýär. Onuň düzümine körpeler we uly ýaşly çagalar üçin niýetlenen oýun zolaklary girýär. Attraksionlaryň we oýun awtomatlarynyň örän köpdürlüligi haýran galdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň agtyklary bu ýerde döredilen güýmenje merkeziniň dürli bölümlerinde uly şatlyk bilen oýnadylar.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen bilelikde toplumyň çaýhanasyna gelip, agtyklary bilen söhbetdeşlikde olaryň okuwlary, öwrenýän dersleri bilen gyzyklandy. Süýji nygmatlar bilen çaý içýän çagalar okuwlary, aýratyn höwes edýän ugurlary barada atasyna gürrüň berdiler.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.1k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.1k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......