Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary Oraza baýramy bilen gutlady

  • 02.05.2022 13:44
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän mukaddes Oraza baýramy mynasybetli watandaşlarymyzy gutlady. Gutlagda Oraza baýramynyň agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýandygy nygtalýar.

Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň birligine uýýan, hoşniýetliligi, dost-doganlygy mukaddes ýörelgä öwren türkmen halky asylly işleriň, beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň gijesi bolan mübärek Gadyr gijesine uly hormat goýýar. Ähli döwürlerde bolşy ýaly, mukaddes Oraza aýynda parz we wajyp ýörelgelerden ugur alnyp agyz beklendi, Aşgabat şäherindäki Hezreti Omar metjidinde, Mary welaýatyndaky Gurbanguly hajy metjidinde, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň baş metjitlerinde tagat-ybadatlar berjaý edildi. Beýik Allatagalanyň mukaddes kitaby bolan Gurhany Kerime uýlup, juma we tarawa namazlary okalyp, Watanymyzyň abadançylygy, rowaçlygy, rysgal-berekediniň artmagy, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende göterilmegi üçin aýat-töwirler, alkyş-dilegler edildi” diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.

Ýeri gelende bellesek, ynsanlara ýol görkeziji, dogrynyň we dogryny egriden aýyrmagyň aýdyň delilleri beýan edilen keramatly Gurhanyň aýatlarynyň indirilip başlanmagy Remezan aýynyň esasy aýratynlygydyr. Bu aýyň ady halkyň aňynda oraza tutmak bilen berk baglanyşykly. Ynsany nebsiň aşa agdyk isleglerinden we arzuwlaryndan, maddy hyrslardan gorap, onuň mertebesini beýgeldýän oraza ybadaty parz hökmünde şu aýda berjaý edilýär. Remezan aýynyň gymmatyny artdyrýan oraza bedeniň zekady hasaplanýar.

Oraza hijri ýyl hasabynyň ikinji ýylynda hezreti Muhammet pygamberiň Mekgeden Medinä göçen ýylynda parz edilipdir we şondan bäri hem yslamyň esasyny emele getirýän bäş sütüniň biri hökmünde berjaý edilip gelinýär. Oraza döwründe gelýän, müň aýdan haýyrly hasaplanýan Gadyr gijesi hem bu mukaddes aýyň gymmatlyklarynyň biridir.


düýn 21:54
1.2k+

«Galkynyş» topary Bakuwda meşhur aýdymçy Emin Agalarow bilen duşuşdy

Tanymal aýdymçy Emin Agalarow Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyk toparyň Azerbaýjana amala aşyran döredijilik saparynyň çäklerinde......

düýn 07:02
8.8k+

Türkmenistanda elguşlary getirmegiň, alyp gitmegiň, satyn almagyň we satmagyň tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi elguşlary ýurda getirmegiň we ýurduň çäginden daşyna alyp gitmegiň, şeýle hem olary satyn almagyň, satmagyň, çalyşmagyň we sowgat bermegiň tertibini tassyklady.......

04.04.2026 23:32
10k+

Aşgabatda tölegli jemagat awtoduralgalarynyň iş düzgünleri tassyklanyldy

Aşgabatda tölegli jemagat awtoduralgalaryny guramagyň we peýdalanmagyň düzgünleri tassyklanyldy. Resminama güýje girdi we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi....

04.04.2026 07:35
4k+

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly halkara sergi dowam edýär

Aşgabadyň Söwda-senagat edarasynda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň 100-e golaý kärhanasy gatnaşýar....