Türkmenistanyň Baş diplomaty Birleşen Arap Emirliklerindäki kärdeşi bilen gepleşikleri geçirdi

  • 02.05.2022 01:14
  • 7.5k+

29-30-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça BAE-niň Abu-Dabi şäherinde saparda bolan türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Raşid Meredow saparyň birinji gününde Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini nygtamak bilen, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derwaýyslygy bellenildi. Halkara guramalaryň, şol sanda BMG, YHG we beýlekileriň çäklerindäki özara hereketlere aýratyn ähmiýet berildi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň işjeň häsiýete eýe bolan hereketiniň goldanylmagy baradaky pikiri orta atdylar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......