Bäherden tikin fabrigini açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär

  • 30.04.2022 18:58
  • 11k+

29-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow Bäherden tikin fabrigi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň 40 göterim hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Gerçek ýigit” hususy kärhanasynyň 60 göterim möçberli paýly gatnaşmagynyň teklip edilýändigini habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy önümleriň hilini gowulandyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge, olaryň içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilmegini ýokarlandyrmaga, goşmaça iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet eýeçiligini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, hususy eýeçiligiň ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek maksady bilen, degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......