Ç.Purçekowa Aşgabadyň häkimliginiň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin nägilelik bildirildi

  • 30.04.2022 07:24
  • 27k+

29-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimliginiň işine gözegçiligiň gowşadylandygy üçin wise-premýer  Ç.Purçekowa nägilelik bildirdi.

Hususan-da, döwlet Baştutany Aşgabat şäheriniň häkimliginiň işine gözegçiligiň gowşadylandygyny aýtdy. Paýtagtymyzda jemgyýetçilik awtoulaglary ýaramaz işleýär. Köp ýerlerdäki dürli desgalarda we ýaşaýyş jaýlarynda abatlaýyş işlerini geçirmeli. Seýilgählerde, köçelerde guran baglar hem köp.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere bir hepdäniň içinde bu ýagdaýy seljerip, munuň sebäpleri, meseläni nädip çözmelidigi barada hasabat bermegi tabşyrdy.


düýn 16:43
1.6k+

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy raýatlaryň özara syýahatlaryny ýönekeýleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Seul şäherinde migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň......

düýn 15:59
642

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Pakistanyň Lahor söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Şahid Haliliň ýolbaşçylygyndaky wekiller iki ýurduň......

düýn 15:23
2.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TDH habar......

09.04.2026 23:46
2.2k+

Mähri Bäşimowa ÝB-niň ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy....