Serdar Berdimuhamedow Ahalyň täze şäherine at dakmak teklibini öňe sürdi

  • 29.04.2022 05:37
  • 40k+

28-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahalyň edara ediş merkezinde gurulýan täze şähere halk bilen maslahatlaşyp at dakmak barada teklibi öňe sürdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, täze şähere mynasyp at dakmak barada aýtdy hem-de bu meseläni tutuş halkymyz bilen ara alyp maslahatlaşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde dünýäde tutuş bir şäheri gurup, ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowudygyna aýdyň şaýatlyk edýär.


düýn 11:16
1.5k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

01.06.2026 16:11
1.7k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

01.06.2026 14:36
2.8k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....

01.06.2026 14:04
2.7k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......