Alphabet-iň girdejisi geçen çärýek 23% ýokarlandy

  • 28.04.2022 18:06
  • 2.9k+

Google kompaniýasyna degişli bolan Alphabet amerikan korporasiýasynyň girdejisi şu ýylyň birinji çärýeginde 2021-nji ýylyň degişli görkezijisi bilen deňeşdirilende 23% ýokarlandy. Bu barada kompaniýanyň maliýe hasabatynda aýdylýar.

31-nji martda tamamlanan üç aýlyk döwrüň jemi boýunça, Alphabet-iň girdejisi 68,011 mlrd dollara, arassa girdejisi 16,43 mlrd dollara barabar boldy. CNBC teleýaýlymynyň habar bermegine görä, kompaniýanyň işiniň netijeleri analitikleriň çaklamasyny ödemedi, olar kompaniýanyň azyndan 68,11 mlrd dollar girdeji gazanjakdygyny çaklapdylar. 
Google-iň we Alphabet-iň müdiri Sundar Piçainiň bellemegine görä, kompaniýanyň birinji çärýekdäki girdejisiniň ep-esli bölegi onuň gözleg we bulut mehanizmlerinden geldi. “Biz tutuş dünýädäki hyzmatdaşlarymyz we ulanyjylarymyz üçin mümkinçilikleri döredip, önümlere we serwislere maýa goýmagy dowam ederis” – diýip, ol belledi.
Google internet gözleglere we mahabat tehnologiýalaryna maýa goýýan hem-de onlaýn serwisleri we ýokary tehnologiýaly önümleri işläp düzmek bilen meşgullanýan amerikan jemgyýetçilik korporasiýasydyr. 


düýn 12:03
7.8k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......