Magtymgulynyň Köpetdagyň gerşindäki äpet heýkeli iýun aýynda dabaraly açylar

  • 28.04.2022 07:37
  • 28k+

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabadyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşlygynyň dowamynda onuň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk baradaky hasabaty hem diňledi.

Hususan-da, wise-premýer M.Mämmedowa Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraljak toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagynyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyrynyň hem-de filosofynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna guraljak ägirt uly dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüljekdigini belläp, wise-premýere ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilen ähli çärelere taýýarlyk görlüşine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany şu ýyl beýik Magtymgulynyň edebi mirasyny wagyz etmek, halkara gatnaşyklary we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreleri geçirmegiň zerurdygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ünsüni çekdi.


düýn 03:24
6.4k+

Arkadag şäherinde bejergi alýan gyzjagazlara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

8-nji martda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi...

08.03.2026 22:08
5.3k+

Türkmenistanda 200-den gowrak köp çagaly enä «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy

Türkmenistanda sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» hormatly ady dakyldy. Sylaglary gowşurmak dabarasy Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabatda geçirildi...

08.03.2026 21:52
6.1k+

Aşgabatda we Arkadag şäherinde köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

Türkmenistanda «Ene mähri» hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde berlen maglumatlara görä, Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan bu dabaralar Aşgabatda we Arkadag şäherinde geçirildi...

07.03.2026 07:50
5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň enelerini, zenanlaryny we gyzlaryny gutlady. Gutlag hatynyň teksti TDH döwlet habarlar agentligi tarapyndan çap edildi...