Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Gadyr gijesi bilen gutlady

  • 27.04.2022 05:19
  • 16k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow mübärek Gadyr gijesi mynasybetli watandaşlarymyzy gutlady. Mälim bolşy ýaly, bu mukaddes gijäniň ady «Laýlat al-Kadr» sözünden gelip çykyp, türkmen dilinde «perman, sogap» diýen manyny berýär. Gadyr gijesi Gurhanyň ilkinji aýatlarynyň Ýere inen iň sogaply gijesidir.

“Türkmen halky müňýyllyklaryň synagyndan geçirilip gelnen milli ýörelgelerimize, gylyk-häsiýetlerimize we aňymyza siňen tämiz ahlaklylyk, päk wyždanlylyk, belent adamkärçilik, şükranalyk, birek-birege hormat goýmak ýaly bütin adamzat üçin nusgawy ahlak kadalarydyr ruhy gymmatlyklary, dini düşünjeleriň esasynda nusgalyk ynanç-adatlary döredipdir. Kalbyny we bedenini tämiz saklan, ýüregi hem-de bütin durky bilen halallyga, päklige, dogruçyllyga, tagat-ybadata uýan ata-babalarymyzyň döreden bu nusgalyk ýörelgelerini häzirki döwürde mynasyp dowam etdirýäris” diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow: “Milletimizi has-da jebisleşdirýän baýramlarymyzy we senelerimizi dabaraly belläp geçmek däbine eýerip, Gudraty Güýçli Beýik Allatagala tarapyndan keramatly Gurhany Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilip başlanan Gadyr gijesine sahawatlylygyň we bereketliligiň mübärek gijesi hökmünde aýratyn hormat goýýarys. Müňýyllyklardan gözbaş alýan dini we dünýewi ýörelgelerimize laýyklykda, bu mukaddes gijäniň hormatyna agzaçar sadakalaryny berip, birek-birege hoşamaý sözleri aýdýarys, tarawa namazlaryny, aýat-töwirleri okaýarys” diýip, Gadyr gijesi mynasybetli beriljek sadakalaryň kabul bolmagyny arzuw etdi.


11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......