Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň Premýer-ministrinden gutlag haty gelip gowuşdy

  • 25.04.2022 08:02
  • 3.8k+

Onda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglar beýan edilýär.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolan pursadyndan başlap, ýokary derejedäki syýasy dialog esasynda ýurtlarymyz netijeli özara gatnaşyklary ýola goýdular. Men ilkinji gezek Türkmenistana 2017-nji ýylda Ýaponiýanyň daşary işler ministri hökmünde baryp gördüm hem-de maňa bildirilen myhmansöýerligi we hoşniýetliligi mähir bilen ýatlaýaryn. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar syýasat, ykdysadyýet, medeniýet ýaly dürli ugurlarda işjeň ösdürilýär» diýip, Kisida öz hatynda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri möçberli ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny belledi.

Premýer-ministr gutlag hatynda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogy arkaly Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýändigini tassyklady.


düýn 15:08
2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......