Daşary ýurt raýatlarynyň 2-sine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen at dakyldy

  • 21.04.2022 08:49
  • 5.7k+

20-nji aprelde Aşgabatdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde hem-de olaryň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda bitiren hyzmatlaryny, gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şu daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi:

  • Özbegistan Respublikasynyň «Uzbegim» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Awaz Hamitowiç Ismoilowa;
  • Ýaponiýanyň «Akhal-teke Affinity Co.LTD» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Miçiko Aoe.

11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......