Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi

  • 21.04.2022 08:46
  • 8.2k+

20-nji aprelde Aşgabatdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisinde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow assosiasiýanyň işini döwrebap derejede guramak üçin esasy ýörelge boljak möhüm wezipelere ünsi çekdi.

Şol wezipeler, hususan-da, ahalteke bedewleriniň merkezleşdirilen tohumçylyk hasabatyny ýöretmek üçin daşary ýurtlaryň atçylyk assosiasiýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmekden; dünýäde arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmakdan we bu ugurda alnyp barylýan seçgi-tohumçylyk işlerini ylmy esasda öwrenmek boýunça zerur işleri geçirmekden; ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilýän ylmy maslahatlarydyr duşuşyklary, medeni çäreleridir bedew bäsleşiklerini, sergileri we auksionlary guramakdan hem-de olara gatnaşmakdan; ahalteke bedewleriniň täze tohumçylyk nesil ugurlaryny döretmekden; ýurdumyzda we daşary ýurtlarda halkara derejedäki atly sport bäsleşiklerini guramakdan hem-de olara gatnaşmakdan; dünýäniň arassa ganly ahalteke atlarynyň halkara «tohumçylyk kitabyny» döretmekden; dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary ýurtlarda çykyşlaryny guramakdan; ahalteke atçylyk medeniýetini we sungatyny wagyz etmek üçin kitaplary taýýarlamakdan hem-de sanly ulgam arkaly mahabat çärelerini geçirmekden; assosiasiýanyň agzalarynyň ahalteke atçylygyny ösdürmekde we giňden wagyz etmekde alyp barýan işlerini höweslendirmekden ybaratdyr.

Şeýle-de döwlet Baştutany mejlisde eden çykyşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň häzirki wagtda ýurdumyzdan we dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden 188 agzasynyň bardygyny, şolaryň alyp barýan işleriniň netijesinde ahalteke bedewleriniň hem-de olaryň muşdaklarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny aýratyn nygtady.


11.06.2026 22:20
6.1k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....