Türkmenistanda COVID-iň sanjymy epidemiki görkezijiler boýunça sanjymlaryň sanawyna girizildi

  • 19.04.2022 12:00
  • 28k+

Koronawirusyň waksinasy epidemiki görkezijiler boýunça sanjymlaryň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty tarapyndan tassyklanan sanawyna girizildi. Edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen degişli buýruk hukuk habarlarynyň resmi internet-portalynda çap edildi.

«Epidemiki görkezijiler boýunça öňüni alyş sanjymlarynyň sanawyny goşmaça esasynda tassyklamaly» — diýip, resminamada aýdylýar.

COVID-19-dan başga-da sanawa poliomiýelit (A80*), täjihoraz (A36), gyzamyk (В05), gyzylja (В06), hapgyrtma (В26), В görnüşli wirusly sary getirme (В16), A görnüşli wirusly sary getirme (В15), mergi (A20), mergi (A00), garadalak (A22), guduz keseli (A82), garyn garahassalygy (A01), meningokokly infeksiýa (A39) ýaly ýokanç keseller girýär.
Milli senenamamyz waksinanyň iki görnüşini öz içine alýandygyny ýatladýarys: öňüni alyş we epidemiki görkezijiler boýunça. Birinjisi ilaty has howply we giň ýaýran ýokançlardan goramaga gönükdirilendir, ikinjisi — diňe epidemiýalar wagtynda ýa-da olaryň ýüze çykma howpy dörände geçirilýär.
Koronawirusa garşy waksinanyň bu senenama girizilmegi hemmäni waksina almaklyga borçlandyrmaýar. COVID-19-a garşy waksinanyň senenama girizilmeginiň esasy artykmaçlygy — bu sanjymyň döwlet býujetiniň hasabyna mugt edilmegidir.


10.05.2026 18:46
4.2k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

09.04.2026 20:12
8.6k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

08.04.2026 07:19
8.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7.3k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....