Aşgabatda adam hukuklary boýunça Pudagara toparyň mejlisi geçirildi

  • 17.04.2022 14:47
  • 6.8k+

16-njy aprelde Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda toparyň başlygy, daşary işler ministri Raşid Meredow adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugynyň berjaý edilmeginiň üpjünçiligi babatda Türkmenistan Hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan derwaýys çäreler barada giňişleýin gürrüň berdi.

Mejlisiň barşynda Pudagara toparyň 2021-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat diňlenildi we geljek döwür üçin işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Toparyň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna seredildi we onuň geljekde durmuşa ornaşdyrylmagynyň zerur meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar ýurduň döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň halkara hyzmatdaşlar bilen özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlary babatda pikir alyşdylar.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....