Şu gün Türkmenbaşyda täze köpugurly hassahana açylýar

  • 15.04.2022 07:15
  • 4.9k+

Şu gün — 15-nji aprelde Türkmenbaşy şäherinde täze köpugurly hassahananyň açylyş dabarasy geçiriler. Oňa taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada 14-nji apreldäki Hökümetiň göçme mejlisinde hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, “Ussat inžener” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan 400 orunlyk köpugurly hassahanada bölümleriň 27-si bolup, olarda näsaglaryň ýatymlaýyn we gatnaw şertlerinde bejergi almaklary hem-de saglygyny dikeltmekleri üçin zerur şertler döredildi.
Köpugurly toplum dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap innowasion enjamlary bilen üpjün edildi. Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň amala aşyrylmagy üçin zerur maglumatlaryň ýokary tizlikde alşylmagy boýunça hassahananyň ähli bölümlerinde sanly ulgam arkaly özara arabaglanyşyk ýola goýuldy.


20.06.2026 12:08
7.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......