Boris Jonson Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi

  • 14.04.2022 05:46
  • 8.7k+

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri Boris Jonsondan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Onda Premýer-ministr türkmen döwletiniň Baştutanyny wezipä girişmegi hem-de ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaýar.

 «Öňümizdäki ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigimize ynam bildirýärin. Döwletlerimiziň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça döwlet ministri, Uimbldonyň Lordy Ahmad we beýleki resmi adamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn netijeli gepleşikleri geçirdiler» diýip, Boris Jonson Türkmenistanyň “ýaşyl” energiýa çeşmesine geçmegi ugrunda hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleriniň örän uludygyna, munuň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekdäki bilelikdäki tagallalar özara söwda gatnaşyklarymyza itergi berjek täze ugurlary kesgitlemäge mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.


şu gün 16:45
245

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:15
4.1k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......