«Made in India»: Hindistanda iPhone 13 öndürilip başlandy

  • 12.04.2022 11:09
  • 14k+

Foxconn kompaniýasy Apple kompaniýasy üçin Hindistanyň Çennai şäherinde ýerleşýän zawodynda soňky nesliň iPhone smartfonynyň önümçiligine başlady. Ýöne ýurtda Pro-wersiýalary henizem öndürilmeýär.

Belli bolşy ýaly, şol zawodda iPhone 11 we iPhone 12 hem çykarylýar. Şeýle-de, iPhone SE we iPhone 12 Hindistandaky ýene bir zawodda – Wistron kompaniýasynyň kärhanasynda ýygnalýar. Taryhda ilkinji gezek Hindistanda iPhone 13-iň satuwy ABŞ-da we beýleki uly ýurtlarda satuwyň başlanmagy bilen bir wagtda başlandy. 

Hindistan üçin täze iPhone modeliniň önümçiligi ilki bilen önümçiligiň çykdajylarynyň az bolmagynyň we import ýygymlarynyň köp tygşytlanmagynyň hasabyna bahalaryň pes bolmagyny aňladyp biler. Ýakynda Apple ýurtda import tölegleriniň ýokarlanmagy sebäpli AirPods, AirPods Pro we AirPods Max üçin bahalary ýokarlandyrdy. Şeýle-de bolsa, modeliň Hindistanda çykarylyp başlanmagy ahyrky sarp edijiler üçin bahalaryň peseljekdigini aňlatmaýar.

iPhone-yň paýyna her ýyl smartfon satuwynyň ýarysyna golaýy düşýän köp ýurtlardan tapawutlylykda, CyberMedia Research (CMR) kompaniýasy Hindistanyň bazary üçin ösüşiň boljakdygyny, ýöne görkezijileriň pes boljakdygyny çaklaýar. Şeýlelikde, 2022-nji senenama ýylynda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20% köp iPhone satylmagyna garaşylýar, şol bir wagtyň özünde satuw 7 mln birlik bolar – bazarda iPhone-yň paýy 5,5%-e deň bolar. iPhone üpjünçiliginiň umumy möçberiniň diňe 17%-i iPhone 13 seriýasynyň paýyna düşer. 


düýn 18:39
2.5k+

Hindistandaky uniwersitet kampusy gadymy guýularyň äheňinde gurulýar

Sanjay Puri Architects studiýasy Hindistanyň Madhýa-Pradeş ştatyndaky Prestige University üçin okuw binasynyň taslamasyny hödürledi. 30 800 inedördül metr meýdany tutýan bäş gatly bina diagonal boýunça ýokary galyp, meýdançanyň demirgazyk böleginde 28 metr beýiklige ýeter...

düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

10.03.2026 15:29
5.3k+

Hindistanda badminton topunyň şekilinde bina guruldy

Hindistanyň Bhubaneşwar şäherinde «Archohm» arhitektura studiýasy Milli badminton akademiýasynyň binasynyň gurluşygyny tamamlady. Toplum badminton oýnunda esasy gural hökmünde ulanylýan wolana çalymdaş şekilde guruldy...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...