Türkmen-rus diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl: Serdar Berdimuhamedow Putini gutlady

  • 08.04.2022 05:37
  • 16k+

8-nji aprelde bellenilýän Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

«Biz Türkmenistanda Russiýa bilen gatnaşyklary gyşarnyksyz ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris» diýip, döwlet Baştutany belledi hem-de geçen ýyllaryň dowamynda ähli ugurlar boýunça diýen ýaly hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň toplanandygyny we gowy netijeleriň gazanylandygyny nygtady.

Döwlet Baştutany Türkmenistany Russiýa Federasiýasy bilen köpasyrlyk taryhy we ynsanperwer gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny, medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň üstünlikli giňeldilýändigini hem-de pugtalandyrylýandygyny nygtap, iki halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýola goýuldy. Geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça yzygiderli we depginli ösdürildi. Prezident Wladimir Putiniň 2017-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde gol çekilen ikitaraplaýyn Ylalaşyk esasynda özara gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylmagy hem munuň şeýledigine doly güwä geçýär.

Häzirki wagta çenli iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady kemala geldi. Özara hereketleriň giň toplumyny öz içine alýan ylalaşyklaryň 100-den gowragyna gol çekildi.


düýn 16:02
809

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......