Ýaponiýada garaňkylykda obýektleriň reňkini we suduryny saýgaryp bilýän sensorlar işlenip düzülýär

  • 07.04.2022 14:10
  • 7.1k+

Häzirki wagtda Ýaponiýada birbada birnäçe kompaniýa garaňkylykda obýektleriň reňkini we formasyny tapawutlandyrmaga ukyply täze sensorlary işläp düzýär, şeýle gurluşlary sürüjisiz transport serişdelerinde ulanmak bolar. Bu barada NHK teleýaýlymy habar berýär diýip, TASS belleýär. 

Hususan-da, Toshiba korporasiýasy öz işinde obýektlerden şöhlelenýän lazerleriň kömegi bilen olary garaňkylykda tanamaga mümkinçilik berýän tehnologiýany ulanýar. Bellenilişi ýaly, kompaniýa tarapyndan işlenip düzülýän sensorlar garaňkylykdaky obýektleri, takmynan, 300 m aralykdan tanamaga ukyply bolar. Olary sürüjisiz transport serişdelerinde ulanmak meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde Canon kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýän sensorlar 300 mln piksele eýe bolup, garaňkylykda obýektiň reňkini anyklamaga ukyplydyr. Ony gijeki gözegçilik kameralarynda ulanmak meýilleşdirilýär. 


düýn 15:04
986

Hisense kompaniýasy hem AI-goldawy, hem dilden terjimesi bolan G11 audio äýnegini çykardy

Hisense resmi taýdan G11 akylly äýnegi bilen tanyşdyrdy, onuň esasy aýratynlygy gepleşikleri terjime etmek we dili hakyky wagtda terjime etmek üçin gurlan dil modelidir....

11.05.2026 20:26
844

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

11.05.2026 15:47
1.4k+

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

11.05.2026 07:31
2.6k+

Samsung daş-töwerek bilen bilelikde wideodyr şekil görkezýän AR linzaly äýnegini hödürledi

Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi....