Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny belledi

  • 06.04.2022 23:44
  • 44k+

Şu gün, 6-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde geňeşiň düzümini tassyklady hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Içeri işler ministri hem-de Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipelerinden galan ähli ýolbaşçylar öňki wezipelerinde galdyryldy.
Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň täze düzümi şundan ybarat:

  • Begenç Gündogdyýew – Türkmenistanyň goranmak ministri;
  • Batyr Atdaýew – Türkmenistanyň baş prokurory;
  • Gurbanmyrat Annaýew – Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri;
  • Muhammet Hydyrow - Türkmenistanyň içeri işler ministri;
  • Ýazgeldi Nuryýew – Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy;
  • Merettagan Taganow – Türkmenistanyň adalat ministri;
  • Maksat Hudaýkulyýew – Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy;
  • Nazar Atagaraýew – Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy;
  • Guwançmyrat Ussanepesow – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy.

Şeýle hem, TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasary wezipesini ýatyrdy we goranmak ministri Begenç Gündogdyýewi Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary bellemek hakynda karara gol çekdi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......