Ilon Mask Twitteriň paýnamalarynyň 9,2%-ine eýe boldy

  • 06.04.2022 16:03
  • 5.2k+

Amerikaly telekeçi Ilon Mask Twitter sosial torunyň paýnamalarynyň 9,2%-ne eýedigini aýtdy diýip, ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar boýunça komissiýasynyň saýtynda habar berilýär.

Çap edilen resminama laýyklykda, Maska 73,5 mln töwerek paýnama degişli. Bu paýnamalaryň umumy sanynyň 9,2%-ni düzýär. Telekeçi, megerem, Twitteriň paýnamalarynyň iň iri saklaýjysy bolsa gerek.
Şu täzelikleriň fonunda kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 25% gymmatlady.
SpaceX amerikan kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask ozal täze sosial tory döretmek hakyndaky pikire çynlakaý garaýandygyny habar beripdi. Şonda Twitteriň ulanyjylarynyň biri az wagyz-nesihatly, ilkinji nobatda söz azatlygyna üns berilýän sosial tory döretmek meselesine nähili garaýandygyny sorapdy.

 


20.06.2026 10:45
3.6k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.5k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......