Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary tutuşlygyna diýen ýaly ozalky düzümde galdyryldy

  • 06.04.2022 09:31
  • 31k+

5-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen baglanyşykly maslahat geçirdi. Ýolbaşçylaryň aglaba bölegi ozalky wezipelerinde galdyryldy, diňe Merkezi bankyň başlygy, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylary täzelendi.

Şunlukda, Toýly Öwezgulyýewiç Mälikow Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Döwletgeldi Annabaýramowiç Amanmuhammedow Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary — Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän Guwanç Welinazarowiç Agajanow bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary bilen,

  • M.Serdarow maliýe we ykdysadyýet ministri, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine;
  • M.Sylapow zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine;
  • D.Täşliýew Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine;
  • M.Hojagulyýew «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesine;
  • B.Amanow Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine;
  • M.Rozyýew «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine;
  • G.Orunow gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine;
  • B.Annamämmedow senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine
  • H.Rejepmyradow energetika ministri wezipesine;
  • S.Ýolamanow Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesine;
  • N.Nyýazlyýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesine;
  • O.Gurbannazarow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine;
  • R.Rejepow Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesine
  • B.Çaryýew Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine;
  • O.Işangulyýewa «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine;
  • A.Altyýew oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine;
  • G.Baýjanow Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine;
  • A.Berdiýew «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesine;
  • G.Ataýewa bilim ministri wezipesine;
  • N.Amannepesow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine;
  • G.Agamyradow sport we ýaşlar syýasaty ministri wezipesine;
  • A.Şamyradow Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesine;
  • A.Aşyrow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine;
  • A.Hudaýberdiýew Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine;
  • M.Gazakbaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesine bellenildi.

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......