Mýunhende depesi Gün panelli awtobuslar synagdan geçirilýär

  • 05.04.2022 14:22
  • 12k+

Sion günmobillerini işläp taýýarlaýjy we olaryň geljekki öndürijisi, Sono Motors ýaş nemes kompaniýasy Mýunhe niň şäher ulag guramasy bilen bilelikde şäheriň tejribe geçirilýän ugurlaryna depesi Gün panelli ýolagçy awtobus tirkegini goýberer.

Ulagyň depesindäki paneller ýangyjy tygşytlamaga we CO2-niň atmosfera zyňylmagynyň derejesini peselder. Şäheriň howasy arassa bolar, ulanyşa we hyzmat edişe çykarylýan çykdajylar azalar. 
Sono Motorsyň hasaplamalaryna görä, her bir ýolagçy tirkegi (hakykatda şol bir awtobus, ýöne sürüjisiz we adaty awtobusa gaty birleşdiriji bilen tirkelen) ýylda 2 500 litre çenli dizel ýangyjyny tygşytlar.
Tutuşlygyna alanyňda, tirkegiň güýç alyş ulgamynyň Gün energiýasyna bölekleýin geçmegi netijesinde bu ulag serişdeleriniň hersi atmosfera goýberýän CO2 zyňyndylaryny ýylda 6,5 tonna azaldar. Bu bolsa 300 awtobusly parka ep-esli tygşytly bolmaga we ekologiýa arassalygyna täsirini ýetirmäge mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda Mýunheniň käbir ugurlaryna Gün tirkeglerini goýbermek üçin rugsat beriji resminamalary taýýarlamak işi dowam edýär. Ulag kompaniýasy we häkimiýetler işläp taýýarlaýjynyň aýdýan peýdasyna iş ýüzünde göz ýetirmek isleýärler. Şeýle hem tejribede ulanyş mahaly, Gün energiýasynyň ýygnalyşy nukdaýnazardan, has geljegi bar ugurlar kesgitlener.


şu gün 10:51
72

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......