Argentinada iki metr howpsuz araçägi saklamak talaby ýatyryldy

  • 03.04.2022 16:08
  • 6.1k+

Argentinanyň hökümeti koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen, jemgyýetçilik ýerlerinde iki metr aralygy saklamak talabyny ýatyrdy. Saglygy goraýyş ministrliginiň şu karary anna güni "Argentina Respublikasynyň resmi maglumatynda" çap edildi.

"Köpçülik ýerlerinde 2 metr aralygy saklamak kadasyny ýatyrmaly" - diýip, resminamada aýdylýar. Şeýle-de bolsa, pudak ýapyk binalarda örtük dakynmagy dowam etmegi maslahat berýär. 

Saglygy goraýyş ministrliginiň düşündirişine görä, ýurtda ilatyň 80%-niň koronawirusa garşy doly sanjym almagy we "soňky dokuz hepdäniň dowamynda kesel ýokuşanlaryň sanynyň üzül-kesil azalmagy" çäklendirme çärelerini biraz gowşatmaga mümkinçilik beripdir.  La Nacion gazetiniň habar bermegine görä, ýakyn günlerde Argentinanyň hökümeti ýurda gelmek üçin ähli çäklendirmeleriň ýatyrylýandygyny yglan eder. Häzirki wagtda respublika gelmäge diňe koronawirusa garşy doly waksina alan daşary ýurt raýatlaryna rugsat berýärler. Çäklendirmeler ýatyrylandan soň, olara sowalnamany doldurmak we medisina ätiýaçlandyrmasyny görkezmek ýeterlik bolar.
Pandemiýanyň başyndan bäri Argentinada kesellänleriň sany 9 mln bolup, keselden  ýogalanlaryň sany 128 müň adama ýetdi. 


20.03.2025 12:22
4.5k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.1k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.7k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...

07.05.2024 23:18
11k+

BSGG: COVID-19 bilen kesellän hassalaryň 75% -i zerur däl antibiotikler bilen bejerildi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlarynyň seljermesi 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli COVID-19 bilen keselläp hassahanalara ýerleşdirilen näsaglaryň, takmynan, 75% -iniň zerur däl antibiotikleri...