Günorta Koreýa dünýäniň COVID-19-yň endemik boljak ilkinji ýurdy bolup biler

  • 03.04.2022 16:02
  • 16k+

Koreýa Respublikasy dünýäniň COVID-19-yň endemik kesel häsiýetine eýe boljak ilkinji ýurdy bolup biler. Bu barada ýurduň premýer-ministri Kim Bu Gýom aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Biz saglygy goraýyş ulgamymyzy we tejribelerimizi koronawirusyň üýtgän aýratynlyklaryna laýyk getireris. Eger COVID-19-y bolan hassalaryň köpüsi golaýdaky hassahanalarda kynçylyksyz sagalyp bilse, onda meniň pikirimçe, daşary ýurt neşirleriniň biriniň habar berşi ýaly, Koreýa Respublikasy dünýäde COVID-19-yň endemik ýagdaýyna geçjek ilkinji ýurt bolup biler” – diýip, Yonhap agentligi premýer-ministriň sözlerini getirýär. Düşündirilişi ýaly, endemik kesel – belli bir ýer, adamlar jemgyýeti üçin adaty bolan keseldir.  

Kim bu Gýom “The Wall Street Journal” gazetindäki neşire salgylanýar, onda amerikaly hünärmen Monika Gandiniň Günorta Koreýanyň dünýäniň COVID-19-yň endemik kesel häsiýetine eýe bolan ilkinji ýurdy bolup biljekdigi baradaky pikiri getirilýär. Delil hökmünde ol “uly ýaşly ilatyň sanjym derejesiniň ýokary bolmagyny, raýatlaryň lukmançylyk ulgamyna bolan ynamyny we pandemiýadan çykmak üçin dogry gurallary görkezdi”. Gazetiň maglumatlaryna görä, kämillik ýaşyna ýetenleriň 96%-i sanjym aldy.

Anna güni Günorta Koreýanyň häkimiýetleri karantin düzgünleriniň gowşadylýandygy barada habar berdiler: 4-nji aprelden 10 adama çenli topar bolup ýygnanyşmaga, kafelere we restoranlara hem ýary gijä çenli işlemäge rugsat berilýär. Mundan başga-da, häkimiýetler geljek iki hepdede hassahana ýerleşdirilýänleriň we ölümleriň sany azalmagyny dowam etdirse, köpçülikleýin çärelere we dürli edaralaryň iş wagtyna degişli epidemiýa garşy çäreleriň köpüsini ýakyn wagtda aýyrmaga taýýarlyk görülýändigini habar berdiler. 


20.03.2025 12:22
4.5k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.1k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

14.10.2024 00:31
6.3k+

Türkmenistan "Korea Meditech" bilen bilelikde bir gezeklik şprisleri öndürmegi meýilleşdirýär

Türkmen hünärmenleri Günorta Koreýanyň «Korea Meditech» kompaniýasy bilen ýerli çig maldan bir gezek ulanylýan lukmançylyk önümlerini öndürmegi maksat edinýär. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri...

28.08.2024 10:05
5.6k+

Türkmenistanly lukmanlar Koreýa Respublikasynda tejribelik geçdiler

Türkmenistanly lukmanlar “Koreýa görnüşli dikeldiş lukmançylyk boýunça” dört hepdelik treningiň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde kliniki taýýarlyk maksatnamasyny geçdiler. Bu barada Orient habar...