Hindistanyň Prezidenti taryhda ilkinji gezek Türkmenistana sapar bilen gelýär

  • 01.04.2022 07:40
  • 11k+

 Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet sapary bilen bolar. Oňa taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada 31-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri S.Muhammetdurdyýew hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki türkmen-hindi gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ygtybarly esasyny üpjün etmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna öz içine medeni çäreleri hem alýan saparyň maksatnamasy hödürlenildi. Maksatnamada göz öňünde tutulan çäreler belent mertebeli myhmana hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryna türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri, mähriban halkymyzyň baý milli mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Ýeri gelende bellesek, Ram Nath Kowindiň nobatdaky sapary Hindistanyň Prezidentiniň taryhda Türkmenistana amala aşyran ilkinji sapary bolar.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......