NASA 2040-njy ýyla çenli Marsa gonmagy meýilleşdirýär

  • 31.03.2022 07:20
  • 7.5k+

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça edarasy (NASA) 2040-njy ýyla çenli Marsa adamy düşürmegi maksat edinýär. Bu barada guramanyň ýolbaşçysy Bill Nelsona salgylanyp, TASS habar berýär.

Ol NASA-nyň meýilnamasynyň “adamyň 2040-njy ýyla çenli Marsyň üstünde gezmegini göz öňünde tutýandygyny” aýtdy. Nelson Mars taslamasynyň üstünde işleriň dowam edýändigini belledi.

Hususan-da, NASA-nyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, hünärmenleriň planetada gonmak üçin aşak düşürilýän enjamlary we Marsyň hem-de Aýyň üstünde adamlary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin elektrik stansiýalaryny döretmegiň üstünde işleýändigini belledi.

Nelson adamyň Aýa gaýdyp barmagynyň we onuň orbitasynda stansiýanyň döredilmeginiň Marsy özleşdirmeklige tarap ilkinji ädimiň boljakdygyny belledi. Geljekde onda alysdaky kosmos öwrenilip bilner. 

“Biziň wezipämiz Aýda işlemekden we ýaşamakdan aljak bilimlerimizi Gün ulgamyna ýetmekdäki öňegidişlikleri dowam etdirmek üçin ulanmakdan ybarat” – diýip, Nelson aýtdy.


düýn 19:54
1.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.6k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.4k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......