BSGG: dünýäde bir hepdede kowid bilen keselleme ýagdaýy 14% kemeldi

  • 30.03.2022 16:20
  • 12k+

Geçen hepdäniň dowamynda koronawirus ýokanjy bilen kesellänleriň sany 10 mln adamdan gowrak boldy, 45 müňden gowrak adam ýogaldy. Öwezini dolup bolmajak ýitginiň sany, ondan öňki hepde bilen deňeşdirilende, 43% artdy, kesellänleriň sany bolsa 14% azaldy diýip, çarşenbe gününe geçilen gije Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) habar berdi.

Onuň hepdelik maglumatynda: «21-27 mart aralygynda COVID-19 bilen täze kesellänleriň sany 14% azaldy, ýöne şol döwür aralygynda ölümiň sany 43% artdy, bu, megerem, Amerika sebitiniň käbir ýurtlarynda COVID-19-dan ölýänleri kesgitlemekdäki üýtgeşmeler we Hindistan hem-de Günorta-Gündogar Aziýadan gelýän maglumatlara retrospektiw düzedişler bilen baglydyr» diýip bellenýär. Hepdäniň dowamynda BSGG-na 10 805 132 adama kesel ýokaşandygy barada habar geldi. 45 711 adamyň ýogalandygy bellige alyndy.


16.04.2026 16:48
4.8k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
2.9k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....

15.04.2026 17:32
2.8k+

Alymlar Alsgeýmer keseliniň irki alamatyny anykladylar. Bu - ys duýmagyň ýitmegi

Ys duýuşyň peselmegi, entek ýatkeşlik bilen bagly mesele döremezden öň hem, Alsgeýmer keseliniň ilkinji alamatlarynyň biri bolup biler. Bu Germaniýanyň Neýrodegeneratiw keselleri öwreniş merkeziniň we......

09.04.2026 20:12
8.3k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....