Gazagystan türkmen gazyny satyn almagy meýilleşdirýär

  • 28.03.2022 13:00
  • 8.9k+

2024-nji ýylda Gazagystan öz gazynyň eksportyny bes edip, «mawy ýangyjy» goňşy ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan satyn alyp başlamagy meýilleşdirýär diýip, gazak habar beriş serişdeleri ýazýar.

Milli energetika syýasatyna gaýtadan garalmagynyň sebäbi — ýurduň içinde tebigy gaza bolan islegiň artmagy bolup durýar diýip, Gazagystanyň energetika ministri Bolat Akçulakow belledi.
Ilkinji nobatda «mawy ýangyjy» ýurduň demirgazyk sebitlerine ýetirmeli bolar, şonuň üçin hem Russiýadan hem gaz satyn almaklyk göz öňünde tutulýar diýip, Gazagystanyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy belleýär.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....