Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

  • 26.03.2022 09:56
  • 19k+

25-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow uly wekiliýete ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi. Myhman türkmen döwletiniň Baştutanyny 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi we wezipä girişmegi bilen gutlady.

Hususan-da, ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna Türki Döwletleriň Guramasynyň synçy hökmünde gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň däp bolan dostlukly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini hem-de Türkiýä hakyky dost, ygtybarly hyzmatdaş, sebit we halkara syýasatynyň köp, möhüm meselelerini çözmekde pikirdeş hökmünde garaýandygyny nygtap, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijelidigini kanagatlanma bilen belledi.

Nygtalyşy ýaly, döwletara gatnaşyklaryň depginli ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparyna uly orun berilýär. Yzygiderli esasda Medeniýet günleri geçirilýär, sungat işgärleri iki ýurtda-da guralýan aýratyn ähmiýetli medeni çärelere gatnaşýarlar. Bilim boýunça türkmen-türk geňeşi netijeli işleri alyp barýar, Türkiýede türkmenistanly talyplaryň köp sanlysy bilim alýar.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......