Awstriýada inflýasiýa 1984-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

  • 22.03.2022 12:32
  • 4.3k+

2022-nji ýylyň fewral aýynda Awstriýada inflýasiýanyň derejesi 5,9%-e çenli ýokarlanyp, 1984-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada Awstriýanyň Statistik Austria federal statistika edarasy habar berdi.

“2022-nji ýylyň fewral aýynda Awstriýada inflýasiýa 5,9% bolup, 1984-nji ýylyň awgust aýyndan bäri iň ýokary görkezijä ýetdi. Şol wagt inflýasiýanyň derejesi 6% bolupdy. Muňa ýangyjyň we elektrik energiýasynyň bahalarynyň ýokarlanmagy täsir etdi. Bu ugurda bahalar ýokarlanmadyk bolsa, inflýasiýanyň derejesi 3,8%-e deň bolardy” – diýlip, statistika edarasynyň baş direktory Tobias Tomasyň beýannamasynda aýdylýar.

TASS-yň habarçysynyň syn etmegine görä, Awstriýada awtomobiller üçin ýangyjyň bahasy fewral aýynyň ahyryndan mart aýynyň ortalaryna çenli ortaça 50 sent ýokarlandy we häzirki wagtda ýangyç guýujy stansiýalarda 2 ýewrodan gowrak. Benziniň adaty bahasy 2022-nji ýylyň fewral aýyna çenli, takmynan, 1,3 ýewrodan geçmedi.


17.06.2026 11:28
829

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

13.06.2026 16:30
1.1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

25.05.2026 15:17
6.8k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......

17.04.2026 10:39
2.2k+

Türkmenistan we ICMPD Wenada migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

14-nji aprelde Wenada (Awstriýa) türkmen wekiliýeti Migrasiýa syýasatyny ösdürmek boýunça halkara merkeziniň (ICMPD) baş direktory Sýuzanna Raab bilen duşuşyk geçirdi....